tk Türkmençe
ru Русскийtk Türkmençe

2022-2023-nji okuw ýylynda täze bölümler açylýar

Türkmenistan orta hünär okuw mekdepleri

2022-nji okuw ýylyndan ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerinde täze hünärleriň birnäçesi açylýar. Bu barada turkmenmetbugat.gov.tm saýtynda habar berildi.

Habara görä, Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde ortopedik stomatologiýasy, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Da­ňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde estrada sungaty, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary, «Türkmende­ňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki de­ňizçilik orta hünär okuw mekdebinde daşky gurşawy goramak we tebigy miras ýaly täze hünärler girizildi.

Ýeri gelende bellesek, şu okuw ýylynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň we guramalaryň sargytlary esasynda orta hünär okuw mekdeplerine 10 müň 490 talyp kabul ediler. Munuň özi geçen ýyldakydan 380 adam artyk kabul edilýändigini görkezýär.

Türkmenistanyň Oguz Han adyndaky inzener-tehnologiýalar uniwersiteti

2022-2023-nji okuw ýylynda täze bölümler açylýar makalasy Gorogly.com saýtynda paýlaşyldy

Bilim, Türkmenistan orta hünär okuw mekdepleri 

Bildirişi paýlaşyň:
Generated by Feedzy

Войти




Зарегистрироваться




Сбросить пароль

Пожалуйста, введите ваше имя пользователя или эл. адрес, вы получите письмо со ссылкой для сброса пароля.