Türkmenistanda iň az zähmet hakynyň möçberine gaýtadan serediler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzda iň az zähmet hakynyň derejesine gaýtadan seretmegiň zerurdygyny belläp, degişli tabşyryklary berdi.
Türkmenistanda 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri iň az zähmet hakynyň mukdary 1050 manat. Bu möçber Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen tassyklanandyr. Şeýle hem degişli resminamada iň pes pensiýa — 410 manat, kömek pullary — 390 manat, Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary üçin pensiýa — 1710 manat mukdarynda kesgitlenildi.
Habar Turkmenportal.com web saytyndan alyndy.
Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky 15 resminama
Türkmenistanda iň az zähmet hakynyň möçberine gaýtadan serediler makalasy Gorogly.com saýtynda paýlaşyldy
Syýasat, İň az zähmet haky, Türkmenistanda iň az zähmet haky