tk Türkmençe
ru Русскийtk Türkmençe

Iň peýdaly tomus miwesi

Iň peýdaly tomus miweleriniň biri garalydyr. Çünki onuň düzüminde bedeni howply kesellerden goraýan witaminler we peýdaly maddalar köp saklanýar. Alymlar garalyny her gün iýmek diňe bir mümkin däl-de, eýsem zerurdygyny aýdýarlar.

Garalynyň peýdaly häsiýetleri:

Ýogyn içegede düwnük keseliniň döremek howpuny azaldýar;
Bedenden toksinleri bölüp çykarýar we howply çiş kesellerini döredýän erkin radikallara garşy göreşýär;
Onda bedeniň ýaşlygyny saklamaga kömek edýän köp antioksidantlar saklanýar;
Garaly we şetdalydan taýýarlanylan ekstrakt aýallarda düwnük öýjüklerine garşy göreşmek we olary ýeňip geçmekde peýdalydyr;
Onuň miwesinde iýmit siňdiriş ulgamynyň gowy işlemegine oňyn täsir edýän köp mukdarda kletçatka bar;
Miwesinde süňkleriň sagdyn bolmagy üçin örän peýdaly bolan K1 witamini saklanýar;
Bu miwe ýürek üçin peýdaly bolan witamileriň ajaýyp çeşmesidir. Ýagny, onda magniý, kaliý, marganes we mis ýaly peýdaly elementler bar;
Onuň kömegi bilen bedende zyýanly holesteriniň derejesi peselýär;
Ol süňk ulgamynyň agyr keseli bolan osteoporoza garşy göreşýär.

Mawy arça — arçalaryň gözeli

Bu datly we peýdaly miwäni kakadylan görnüşde hem iýmek bolar. Mundan başga-da, garalyny taýýarlanýan dürli tagamlara goşmak hem peýdalydyr. Ol gaýnadylanda hem öz peýdaly häsiýetlerini ýitirmeýär.

Merjen BAÝAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Iň peýdaly tomus miwesi makalasy Gorogly.com saýtynda paýlaşyldy

Makalalar, Saglyk 

Bildirişi paýlaşyň:
Generated by Feedzy

Войти




Зарегистрироваться




Сбросить пароль

Пожалуйста, введите ваше имя пользователя или эл. адрес, вы получите письмо со ссылкой для сброса пароля.