tk Türkmençe
ru Русскийtk Türkmençe

Haja giden Türkmen zyýaratçylary ýurdymyza dolanyp geldiler

Gurban baýramynyň nurana günlerinde Mekgede we Medinede haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylarynyň topary Watanymyza dolanyp geldiler. Mälim bolşy ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden bolan ildeşlerimiziň 275-si «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan guralan ýörite uçarda Saud Arabystany Patyşalygyna iberilipdi.

Zyýaratçylar Medinede Muhammet pygamberiň we onuň egindeşleriniň aramgählerine, belli metjitlere we beýleki keramatly ýerlere zyýarat etdiler. Olar Mekgede Zemzem çeşmesi, Al-Haram metjidi ýaly esasy mukaddes ýerlerde haj parzlaryny berjaý edip, togap dessuryna eýerdiler we mukaddes Käbäniň daşyndan aýlandylar.

Türkmen zyýaratçylary haj parzyny berjaý etmäge ugradylar

Türkmen zyýaratçylary haj wagtynda sežde edip, Beýik Biribardan Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň abadançylygyny dileg etdiler.

Goý, ildeşlerimiziň mukaddes Käbä haj zyýaratyna gidip, ol ýerde eden doga-dilegleri Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

 

Habar SalamNews.tm web saytyndan alyndy

Haja giden Türkmen zyýaratçylary ýurdymyza dolanyp geldiler makalasy Gorogly.com saýtynda paýlaşyldy

Türkmenistan, Medine, Mekke 

Bildirişi paýlaşyň:
Generated by Feedzy

Войти




Зарегистрироваться




Сбросить пароль

Пожалуйста, введите ваше имя пользователя или эл. адрес, вы получите письмо со ссылкой для сброса пароля.