tk Türkmençe
ru Русскийtk Türkmençe

“Turkish Airlens” sentýabr aýynda hepdede iki gezek uçar gatnawy amala aşyrar

«Türkhowaýollary» awiakompaniýasy sentýabr aýynda her hepdäniň duşenbe we anna günleri ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Awiakompaniýanyň beren maglumatyna görä, sentýabr aýynda amala aşyryljak ýörite uçar gatnawlarynyň ählisi Stambul — Türkmenbaşy — Stambul ugry boýunça ýerine ýetiriler.

Tertipnama laýyklykda, uçar 15:00-da Stambul şäherinden uçar we sagat 19:55-de Türkmenbaşy Halkara howa menziline gonar. 22:25-de uçar Türkmenbaşy şäherinden ugrap, 23:50-de Stambul şäherine gonar. Görkezilen wagtlar ýurtlaryň ýerli sagatlary esasyndadyr.

Maglumatlar sentýabr aýynda amala aşyryljak ähli ýörite uçar gatnawlaryna degişli.

Çeşme: SalamNews.tm

“Turkish Airlens” sentýabr aýynda hepdede iki gezek uçar gatnawy amala aşyrar makalasy Gorogly.com saýtynda paýlaşyldy

Syýahat, Stambul, Turkish Airlens, Türkmenbaşy 

Bildirişi paýlaşyň:
Generated by Feedzy

Войти




Зарегистрироваться




Сбросить пароль

Пожалуйста, введите ваше имя пользователя или эл. адрес, вы получите письмо со ссылкой для сброса пароля.