tk Türkmençe
ru Русскийtk Türkmençe

Ýewropa sanly pasportlara (E-pasport) geçip başlady

Adaty pasportlar geçmişde galýar.

Ýewropa adaty kagyz pasportlaryň deregine resminamalaryň sanly (e-passport) görnüşine geçip başlady. ÝB-de synag taslamasyny durmuşa geçirijileriň ilkinjisi Finlýandiýa bolup, bu döwlet sanly pasportlary synamaga taýýardygyny mälim etdi. Finlýandiýanyň häkimiýetleri ýurda giriş üçin zerur bolan adaty resminamanyň deregine syýahatçylara meýletin ýagdaýda ýol resminamalarynyň sanly nusgalaryny özünde saklaýan mobil programmany ýükläp almagy teklip edýärler. Finlýandiýanyň KHBS-niň maglumatlaryna görä, syýahatçylar eýýäm programmany ýükläp başladylar. Bu barada tourprom.ru habar berýär.

ÝB-niň komissiýasy ozaldan bäri Bileleşigiň agza döwletlerini öz sanly pasport (e-passport) resminamalaryny synagdan geçirmäge çagyrýar. Täze maksatnamanyň maksady syýahatçylara mobil programmany ulanyp, tutuş Ýewropa boýunça syýahat etmäge mümkinçilik döretmekden ybarat. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Komissiýasy käbir agza döwletlerden öz çäklerinde synag taslamasyny geçirmegi talap etdi diýip, Finlýandiýanyň “Helsingin Sanomat” gazeti habar berdi.

Nýu-Yorkda maýmyn mama keseli sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

Maksatnama ilkinji gatnaşyjy Finlýandiýa boldy.

Döwlet işgärleri syýahatçylara adaty pasportyň ornuny tutýan ýörite programmany ulanmagy teklip edýärler. Mundan başga-da, häkimiýetler taslamany maliýeleşdirmek üçin ÝB-niň Komissiýasyna arza taýýarladylar. Açyk maglumatlara görä, täze talaplar syýahat prosesini we serhet barlagyny çaltlaşdyrmaga kömek eder. Programmadaky maglumatlar öňünden barlanar we syýahatyň ahyrynda aýrylar.
“Sanly pasport” maksatnamasy Horwatiýada hem durmuşa geçiriler. Ol ýerde hem şeýle taslama işe giriziler diýlip çak edilýär.

Ýewropa sanly pasportlara (E-pasport) geçip başlady makalasy Gorogly.com saýtynda paýlaşyldy

Dünýä, E-pasport, Ýewropa 

Bildirişi paýlaşyň:
Generated by Feedzy

Войти




Зарегистрироваться




Сбросить пароль

Пожалуйста, введите ваше имя пользователя или эл. адрес, вы получите письмо со ссылкой для сброса пароля.