tk Türkmençe
ru Русскийtk Türkmençe

Türkmen döwlet uniwersitetini ilkinji gezek magistrler tamamlady

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini ilkinji gezek 20-ä golaý magistr tamamlap degişli diplomlary aldylar.

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, ady agzalan ýokary okuw mekdebinde bilim alan talyplaryň gutardyş dabarasy geçirilip, olara ýokary bilim hakyndaky şahadatnamalaryň nusgalary gowşuryldy.

Türkmenistanyň iň bir baýry ýokary okuw mekdebi bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini şu ýyl 1109 talyp tamamlap, olaryň 70-si tapawutlanan diploma mynasyp boldy.

Türkmen İnstituty abraýly ýokary bilim mekdepleriniň sanawynda

Uniwersitetiň ýolbaşçylarydyr professor-mugallymlary, uçurymlaryň deň-duşlary olara durmuşda we işde ak ýol arzuw etdiler.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ikinji derejedäki bilimi almak 2018-nji ýylda ýola goýuldy. Häzirki wagtda magistr derejesini ýurduň ýedi ýokary okuw mekdebinde alyp bolýar.

Habar Turkmenportal.com web saytyndan alyndy

Türkmen döwlet uniwersitetini ilkinji gezek magistrler tamamlady makalasy Gorogly.com saýtynda paýlaşyldy

Bilim, Magistr, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 

Bildirişi paýlaşyň:
Generated by Feedzy

Войти




Зарегистрироваться




Сбросить пароль

Пожалуйста, введите ваше имя пользователя или эл. адрес, вы получите письмо со ссылкой для сброса пароля.