tk Türkmençe
ru Русскийtk Türkmençe

“Türkhowaýollary” Anna günleri aýratyn uçar gatnawlary

«Türkhowaýollary» 17-nji we 24-nji iýunda «Stambul — Türkmenbaşy — Stambul» ugry boýunça ýörite halkara uçar gatnawlaryny meýilleşdirýär. Bu barada «Türkhowaýollary» agentliginiň Türkmenistandaky wekilhanasy habar berýär.

Habar berlişine görä, anna güni — 17-nji iýunda ýörite uçar gatnawy ýerli wagt bilen 13:30-da Stambuldan uçup, şol gün sagat 21:20-de Türkmenbaşy şäherinden yzyna uçar.

Türkmenistanyň raýatlary ýörite howa gatnawy bilen Türkiýeden getiriler

Bu uçar gatnawyndan bir hepde soň amala aşyryljak uçar gatnawy 24-nji iýunda ýerli wagt bilen 14:30-da Stambuldan Türkmenbaşy şäherine uçar. Türkmenbaşy şäherinden bolsa 22:20-de Stambula ugrar.

Gatnawyň bir ugrunyň peteginiň bahasy 610 (ekonom klas) we 1295 (biznes klas) ABŞ dollaryna deňdir. Tölegsiz bagažyň möçberi 40 kilogram.

“Türkhowaýollary” Anna günleri aýratyn uçar gatnawlary makalasy Gorogly.com saýtynda paýlaşyldy

Syýahat, Türkmenistan, Stambul, Türkhowaýollary, Turkish Airlens, Türkmenbaşy 

Bildirişi paýlaşyň:
Generated by Feedzy

Войти




Зарегистрироваться




Сбросить пароль

Пожалуйста, введите ваше имя пользователя или эл. адрес, вы получите письмо со ссылкой для сброса пароля.