tk Türkmençe
ru Русскийtk Türkmençe

Türkmen İnstituty abraýly ýokary bilim mekdepleriniň sanawynda

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty «Asia University Rankings — 2022» atly iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girmegi başardy. Adatça, bu sanaw «Times Higher Education (THE)» britan žurnaly tarapyndan her ýyl taýýarlanýar. Bu barada timeshighereducation.com web saýtynda habar berilýär.

Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň 2022-nji ýyldaky reýtinginde 31 sebitden 616 uniwersitet bar. Bu sanawda öňdeligi Hytaýyň uniwersitetleri eýeledi. Şeýle hem Ýaponiýa sanawda iň köp ýokary okuw mekdebi bilen wekilçilik eden ýurtlaryň biri boldy. Mundan başga-da, sanawdaky ilkinji 100-likde Saud Arabystany Patyşalygynyň uniwersitetleriniň sany 4-den 6-a çykdy. Ilkinji gezek Palestinanyň uniwersiteti hem sanawa goşuldy.

Türkmenistanda gutardyş synp mekdep okuwçylary üçin synaglaryň temalary we soragnamalary mälim edildi

Geçen ýyl hem Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty «Times Higher Education (THE)» žurnalynyň bütindünýä sanawyna girizilipdi we onda-da ilkinji gezek şol sanawda orun alypdy. Şeýle hem bu institut şu ýylyň fewralynda dünýäniň ýaş ýokary okuw mekdepleriniň abraýly «THE World Young University Rankings — 2022» sanawyna girizildi.

Türkmen İnstituty abraýly ýokary bilim mekdepleriniň sanawynda makalasy Gorogly.com saýtynda paýlaşyldy

Bilim, Asia University Rankings — 2022, Times Higher Education (THE), Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty 

Bildirişi paýlaşyň:
Generated by Feedzy

Войти




Зарегистрироваться




Сбросить пароль

Пожалуйста, введите ваше имя пользователя или эл. адрес, вы получите письмо со ссылкой для сброса пароля.