tk Türkmençe
ru Русскийtk Türkmençe

Kazanyň halkara howa menzili Türkmenistana uçuşlaryň tertibini mälim etdi

Kazanyň halkara howa menzili resmi web saýtynda Türkmenistana guraljak uçar gatnawlaryň tertibini çap etdi. Uçuşlar 2022-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlar.

Kazan — Türkmenabat ugry boýunça uçar gatnawynda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlary çarşenbe güni 1A terminalyndan uçar. T5 738 uçar gatnawy Kazandan ýerli wagt bilen 18:30-da ýola düşer.

Kazana uçuşlar Çarşenbe güni ýerli wagt bilen Aşgabatdan amala aşyrylar.

Türkmenistan BAE we Germaniýa howa gatnawy

Dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýyndan başlap, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlarynyň togtadylandygyny bellemek gerek. Mundan oň «Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa (Domodedowo), Sankt-Peterburg (Pulkowo) we Kazana yzygiderli howa gatnawlaryny amala aşyrýardy.

Geçen ýyl Kazan halkara howa menziliniň uçar gatnawlarynyň sanawyna 73 sany halkara ugur, şol sanda 30 sany halkara gatnawy girizildi.

Habar Tukmenportal.com web saytynda paylaşyldy.

Kazanyň halkara howa menzili Türkmenistana uçuşlaryň tertibini mälim etdi makalasy Gorogly.com saýtynda paýlaşyldy

Syýahat, Kazan, Türkmenistan, Türkmenistan Awiakompaniýasy 

Bildirişi paýlaşyň:
Generated by Feedzy

Войти




Зарегистрироваться




Сбросить пароль

Пожалуйста, введите ваше имя пользователя или эл. адрес, вы получите письмо со ссылкой для сброса пароля.