tk Türkmençe
ru Русскийtk Türkmençe

Türkmenbaşyda 400 orunluk köpugurly hassahana açyldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow anna güni Balkan welaýatyna saparynyň çäginde Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Hassahana “Ussat inžener” hususy kärhanasy tarapyndan gurulyp, ulanmaga berildi.

Ilata keselleriň öňüni almak we bejermek boýunça ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek üçin niýetlenen hassahanada bölümleriň 27-si bolup, olarda näsaglaryň ýatymlaýyn we gatnaw şertlerinde bejergi almaklary hem-de saglygyny dikeltmekleri üçin zerur şertler göz öňünde tutulandyr.

Ýedi gatdan ybarat bolan köpugurly hassahana tiz kömek, fizioterapiýa, stomotologiýa, gemodializ, himiýaterapiýa, pediatriýa, ginekologiýa, neýrotrawmatologiýa, hirurgiýa, urologiýa, onkologiýa, kardiologiýa, endokrinologiýa, doguryş bölümlerinden ybaratdyr. Mundan başga-da, lukmançylyk toplumynyň düzüminde aýratyn iki gatly bina bolup, onda merkezleşdirilen barlaghana, funksional we şöhle arkaly anyklaýyş, gan gaznasy bölümleri ýerleşýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan kömege mätäç çagalaryň 10-syna operasiýa geçirildi

Geçen ýyl Balkan welaýatynda iki sany saglygy goraýyş edarasy açyldy – Türkmenbaşy şäherindäki ýokanç keseller hassahanasy we Magtymguly etrabyndaky lukmançylyk desgasy.

Türkmenbaşyda 400 orunluk köpugurly hassahana açyldy makalasy Gorogly.com saýtynda paýlaşyldy

Saglyk, Türkmenistan, Hassahana, Serdar Berdimuhammedow, Türkmenbaşy, Türkmenistanyň Prezidenti 

Bildirişi paýlaşyň:
Generated by Feedzy

Войти




Зарегистрироваться




Сбросить пароль

Пожалуйста, введите ваше имя пользователя или эл. адрес, вы получите письмо со ссылкой для сброса пароля.