tk Türkmençe
ru Русскийtk Türkmençe

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan kömege mätäç çagalaryň 10-syna operasiýa geçirildi

Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyndan paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Lebap welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde, Mary welaýatynyň Çagalar hassahanasynda dürli kesellerden ejir çekýän howandarlyga mätäç çagalara ýerli hünärmenler tarapyndan hirurgiki bejeriş amallary üstünlikli ýerine ýetirildi.

Çagalaryň hirurgiki bejergiden soňky ýagdaýy kanagatlanarly , olaryň her biri degişli hassahanalarda nobatdaky dikeldiş bejergilerini alýarlar. Döredilýän şeýle şertlerden peýdalanan çagalar ýakyn wagtda sagdyn çagalaryň toparyna goşuljakdyklaryny olary nobatdaky gözegçilikden geçiren lukmanlar hem ynam bilen belleýärler. Şeýle merkezlerde näsag çagalaryň saglygy dikeldilýär we döwrebap bilim alynýar. Umuman aýdylanda ýurdumyzda körpe Türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşy beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredilýär. Geçen döwürde kömege mätäç çagalaryň 25-siniň ýüregini, bogunlaryny we gözüni operasiýa etmek üçin maliýe serişdeler bölünip berildi. Şeýle hem emeli beden agzalary we maýyplar üçin çaga arabalary satyn alyndy. Mundan başga-da doga näsag çagalaryň ýüregini operasiýa etmek boýunça işler meýilleşdirilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan kömege mätäç çagalaryň 10-syna operasiýa geçirildi makalasy Gorogly.com saýtynda paýlaşyldy

Saglyk, Türkmenistan, Gurbanguly Berdimuhamedow 

Bildirişi paýlaşyň:
Generated by Feedzy

Войти




Зарегистрироваться




Сбросить пароль

Пожалуйста, введите ваше имя пользователя или эл. адрес, вы получите письмо со ссылкой для сброса пароля.