tk Türkmençe
ru Русскийtk Türkmençe

Türkmenistanda raýatlara «Buýanly» çörek önümleri hödürlenilýär

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde geçiren ylmy-barlag işleriniň netijesinde soňky ady agzalan ministrligiň çörek önümleriniň «Bereketli» söwda merkezi tarapyndan halk köpçüligine «Buýanly» çörek önümi hödürlenilýär. Çörek we çörek önümleri adamlaryň gündeki azygy bolup, olaryň süňňüni gerekli bolan mikroelementler, makroelementler, witaminler, iýmit süýümi bilen baýlaşdyrýar. Elbetde, adam çörek bilen günüň dowamynda özi üçin zerur bolan gerekli maddalaryň öwezini doldurýar. Düzüminde buýan köküniň ekstrakty bolan çöregi iýmek bilen, buýanyň düzümindäki glisirrizin turşusynyň süňňüne barmagyna ýardam berýär we immun ulgamyny berkidýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramakda we keselleriň öňüni almakda ýerine ýetirilýän işler barha ýaýbaňlanýar. Şol işleriň çäginde tebigy çig maldan ýerli derman serişdeleriniň önümçiliginiň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Ilaty we bejeriş edaralaryny ýokary hilli derman serişdeleri bilen üznüksiz üpjün etmekde «Türkmendermansenagat» birleşiginiň kärhanalaryna möhüm orun degişlidir. Häzir Aşgabatda şäherinde hem-de welaýatlarda dermanhanalaryň ençemesi gije-gündizleýin hereket edýär.

«Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada bellenilişi ýaly, «Türkmendermansenagat» birleşiginiň täze işe girizilen ammarlar toplumy bolsa derman serişdelerini ýerleşdirmek we saklamak üçin niýetlenen ýörite, döwrebap innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryldy.
«Türkmendermansenagat» birleşiginiň «Saglyk» derman kärhanasy 150-ä golaý derman serişdesini öndürýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna buýan kökünden täze önüm — gerdejik derman görnüşli we zenjebilli buýanly şerbet öndürildi. «Saglyk» derman kärhanasynda hem ekologik taýdan arassa, ýerli çig maldan önüm öndürilýär. Buýan köki şekerden 40 göterim süýjüdir. Lukmançylykda buýan köki gakylyk goparyjy, sowuklama garşy, böwrek-daş kesellerinde, immun ulgamyny berkitmekde giňden peýdalanylýar. Ýurdumyzda buýan köküniň şiresi, süýri dänesi, melhem çaýy öndürilýär. Türkmenistanda ösýän buýan köküniň düzümindäki glisirrizin turşusynyň COVID-19 ýokanjyna garşy bejerijilik häsiýetiniň bardygy anyklandy.

Häzirki wagtda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Essen uniwersitet klinikasynyň Infeksiologiýa ylmy-barlag merkezi tarapyndan «Buýan köküniň we onuň düzümindäki glisirrizin turşusynyň keselleri bejermek häsiýeti barada» ylmy-barlag işi alnyp barylýar.

Türkmenistanda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak üçin ýörite maksatnamalar, strategiýalar hereket edýär. Ilatyň sagdyn iýmitlenmegi üçin hem-de dürli nesil yzarlaýan keselleriň öňüni almak maksady bilen, döwlet derejesinde nahar duzy ýodlaşdyrylýar. Un demir bilen baýlaşdyrylyp, foliý turşusy bilen rençlendirilýär. Elbetde, döwlet derejesinde durmuşa geçirilýän bu ugurdaky işleriň galkan şekilli mäziň dürli keselleriniň hem-de ganazlygyň öňüni almakda ähmiýeti uludyr. Günüň dowamynda ýod bilen baýlaşdyrylan nahar duzuny 3 — 5 gram mukdarda ulanmak, adam süňňünde ýoduň zerur mukdarynyň bolmagyna ýardam berýär.

Türkmenistanda raýatlara «Buýanly» çörek önümleri hödürlenilýär makalasy Gorogly.com saýtynda paýlaşyldy

Saglyk, Buýanly çörek, Türkmenistan 

Bildirişi paýlaşyň:
Generated by Feedzy

Войти




Зарегистрироваться




Сбросить пароль

Пожалуйста, введите ваше имя пользователя или эл. адрес, вы получите письмо со ссылкой для сброса пароля.