tk Türkmençe
ru Русскийtk Türkmençe

Türkmenistan 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurt bolar

18-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda  wise-premýer S.Toýlyýew, “Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy”-nyň we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasy taýýarlanylşy barada hasabat berdi.
Bu maksatnama, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary we halkara guramalar bilen bilelikde işlenilip taýýarlanyldy.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, degişli Karary taýýarlamak barada hödürlenilen teklibi makullady hem-de ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak, saglyga zyýanly, hususan-da, temmäki ulanmak endiklerine garşy göreşmek boýunça işleri hemişe alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de, öňde goýlan baş maksadyň raýatlarymyzyň abadançylygyny pugtalandyrjakdygy bellenildi.

Türkmenistan 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurt bolar makalasy Gorogly.com saýtynda paýlaşyldy

Saglyk, Türkmenistan, Temmäki 

Bildirişi paýlaşyň:
Generated by Feedzy

Войти




Зарегистрироваться




Сбросить пароль

Пожалуйста, введите ваше имя пользователя или эл. адрес, вы получите письмо со ссылкой для сброса пароля.