tk Türkmençe
ru Русскийtk Türkmençe

Döwletgeldi Berdiýewiň režisýorlyk etmeginde «Teatr» atly köp bölümli telefilm surata düşürilýär

Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletgeldi Berdiýewiň režisýorlyk etmeginde «Teatr» atly köp bölümden ybarat telefilm surata düşürilýär.

Bu filmde Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahna ussatlary ̶ Türkmenistanyň halk artistleri Öwez Gelenow, Halbike Dowyýewa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Tirkiş Mätnazarow we ýaş artistler surata düşýärler.

Döwletgeldi Berdiýew barada biraz durup geçsek, onuň kakasy – Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýew Baş drama teatrynda, ejesi – Türkmenistanyň  at gazanan artisti Narjan Berdiýewa sazly-drama teatrynda zähmet çekýär. Elbetde, Döwletgeldi Berdiýewiň maşgalasy döredijilige we medeniýete berlen diýsek hem ýalňyşmarys.

Döwletgeldi Berdiýew Türkmen döwlet medeniýet institutynyň aktýorlyk bölümini üstünlikli tamamlap, häzire çenli dürli häsiýetli keşpleriň 45-sini döretdi.

Döwletgeldi Berdiýewiň režisýorlyk etmeginde «Teatr» atly köp bölümli telefilm surata düşürilýär makalasy Gorogly.com saýtynda paýlaşyldy

Güýmenje, Medeniýet, Telefilm 

Bildirişi paýlaşyň:
Generated by Feedzy

Войти




Зарегистрироваться




Сбросить пароль

Пожалуйста, введите ваше имя пользователя или эл. адрес, вы получите письмо со ссылкой для сброса пароля.