tk Türkmençe
ru Русскийtk Türkmençe

Türkiýä gitmegine uzak wagtlaýyn wizany resmileşdirmek üçin gerekli resminamalaryň sanawy

Türkmenistanyň raýatlaryna uzak wagtlaýyn türk wizasy üçin haýsy resminamalaryň gerekdigi belli boldy.

Türkiýä gitmek isleýän raýatlar uzak möhletleýin syýahatçylyk wizasyny resmileşdirip bilerler diýip, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasyna salgylanyp, Orient habar berdi.

Syýahatçylyk wizasyny resmileşdirmek üçin hökmany aşakdaky resminamalar zerurdyr:

hereket ediş möhleti alty aýdan az bolmadyk pasport;
wiza almak üçin kesgitlenen görnüşde doldurylan arza;
daşary ýurda gitmek üçin ätiýaçlandyryş (Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynda resmileşdirilýär);
içerki pasportuň (1,3,5,9 we 32-nji sahypalary) we daşary ýurt pasportunyň (suraty bolan baş sahypasy ) nusgalary;
5х6 ölçegli iki sany fotosurat;
wiza almaga isleg bildirýäniň we/ýa-da çagyrýan adamyň girdejileriniň derejesi barada resminama (iş ýeriň boýunça almak gerek);
uçar üçin öňünden kesgitlenilen petek;
öňünden kesgitlenilen myhmanhana ýa-da Türkiýäniň raýatyndan çakylyk.

Türkiýä giriş wizalary barada

Gitmegiň maksadyna baglylykda, aşakdaky resminamalar hem gerek bolup biler:

Türkiýä dolanyp barylýandygyny tassyklaýan güwänamalar (ýer bölegine resminamalar, işlemäge ygtyýarnama, aýlyk zähmet hakynyň hasaplanylandygy barada maglumat, bankdan göçürme we beýlekiler).
eger gitmeklik syýahatçylyk kompaniýasynyň üsti bilen amala aşyrylýan bolsa – syýahatçylyk operatorynyň hatynyň asyl nusgasy, şonda saparyň wagty, baryljak ýerler we maksady görkezilmelidir;
ata-enäniň razylygynyň kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan nusgasy we 18 ýaşdan kiçi bolan çaganyň dogluş hakynda şahadatnamasy (sapar wagtynda ata-enäniň ikisiniň-de ýa-da biriniň ýok bolan ýagdaýynda).

 

Türkiýä gitmegine uzak wagtlaýyn wizany resmileşdirmek üçin gerekli resminamalaryň sanawy makalasy Gorogly.com saýtynda paýlaşyldy

Syýahat, Türkiýe ilçihanasy, Türkiye wizasy, Türkmenistan 

Bildirişi paýlaşyň:
Generated by Feedzy

Войти




Зарегистрироваться




Сбросить пароль

Пожалуйста, введите ваше имя пользователя или эл. адрес, вы получите письмо со ссылкой для сброса пароля.