tk Türkmençe
ru Русскийtk Türkmençe

Adam psihologiýasy barada maglumatlar

Adam näçe akylly bolsa özüne ynamy bolmaz.

Adamyň goly şol adam hakda köp zat aýdyp biler.

Adamlar üýşüp oturanda bir zada gülseler her kim öz halaýan adamyna seredýär.

Adamlara öz adyny tutup ýüzlenmek olary özüňize has ýakyn we öz şahsyýetiňize bolan ynam derejesini ýokarlandyrýarsyňyz.

Adamlaryň 80% ýanýoldaşlary bilen 16 ýaşynda duşuşýarlar.

Adam aşyk bolmagy üçin bary ýogy 4 minut gerek.

Adam näçe akylly bolsa şonça-da az maslahat berýär.

Ýüregimiziň “söýgi” duýgysy bilen hiç hili baglanyşygy ýok, bu diňe beýnimizde bolup geçýän himiki reaksiýa.

Beýnimiz erbet ýatlamalary gowy ýatlamalara seredende köp ýatlamaga ýykgyn edýär.

Daşky görnüşiňizden, gürleýşiňizden we aýdýan zatlaryňyzyň manysyndan 5 sekundyň dowamynda beýleki adamda täsir galdyrýarsyňyz.

Ünsiňizi jemlemegiň gowy usuly bir işi ýerine ýetireniňizde, özüňiz bilen akyl taýdan gürleşmekdir.

Başgalara yzygider kömek edýän adamlar, ýaşy ulaldygyça has bagtly we depressiýa düşmek ähtimallygy pes bolýar.

Çalt ýöreýän adamlar adatça, haýal ýöreýänlere garanyňda has ynamly we bagtly bolýarlar.

Itleri saklaýan adamlar pişik saklaýanlara we öý haýwanlary bolmadyk adamlardan has köp gülýärler.

Maksatlaryňyzy özüňizde sakalsaňyz arzuwlaryňyza ýetmek ähtimallygy ýokarydyr.

Ýalan hakykatdan has köp akyl güýjüni talap edýär.

Gynançly filmelere tomaşa etmek adamlary has çuňňur pikirlenmäge mejbur edýär.

Adamlar bagtly bolmagy üçin diňe bir zat gerek –häzirki pursatda bar zatlara ünsi jemlemeli, ýok ýa-da ýok bolup biljek zatlar hakynda alada etmeli däl.

Köplenç adamlar garşydaşynyň diýýänlerini düşünmek üçin gulak asmaýarlar – gürlemek üçin öz nobatyna garaşýarlar.

Öz –özüne hormat goýmaýan adamlar beýlekileri peseldýärler.

Akyl işjeňligi hem koloriýany ýakýar.

Ölüm adamlaryň iň gorkýan ikinji zady, birinjisi şowsuzlyk.

Aýallaryň syr saklap bilijilik ukyby ortaça 48 sagat.

Akylly adamlar özlerini pes hasaplaýarlar, nadan adamlar bolsa özlerini beýik hasaplaarlar.

Kemçilikleriňizi kabul etseňiz olary size garşy hiç kim ulanyp bilmez.

Gereksiz adamlar bilen gatnaşygy bes edeniňizde durmuşyňyzda gawy zatlar bolup başlar we bu tötänlikden däldir.

Babamyrat Nurjykow

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Dünýäde seýrek duş gelýan ýönekeý ösümlik

Adam psihologiýasy barada maglumatlar makalasy Gorogly.com saýtynda paýlaşyldy

Makalalar, Adam, Adam psihologiýasy, https://gorogly.com/tag/adam/, Psihologiýa 

Bildirişi paýlaşyň:
Generated by Feedzy

Войти




Зарегистрироваться




Сбросить пароль

Пожалуйста, введите ваше имя пользователя или эл. адрес, вы получите письмо со ссылкой для сброса пароля.