tk Türkmençe
ru Русскийtk Türkmençe

27-nji sentýabr – Bütindünýä syýahatçylyk güni

Täze gözýetimlere bolan isleg, adamzat döräli bäri jemgyýete mahsusdyr. Ozal syýahat
etmek islegi diňe öz döwletleriniň çäklerini baýlaşdyrmak ýa-da giňeltmek üçin peýdaly
zerurlyklar bilen baglanyşykly bolsa, häzirki wagtda syýahatçylyga gitmek bilen syýahatçy
dünýä düşünjesini baýlaşdyrmaga ýa-da nätanyş medeniýet barada düşünje almaga
synanyşýar. Oňa kömek edýän syýahatçylyk kärhanasynyň işgärleri 27-nji sentýabrda
hünär baýramçylygyny belleýärler. Ýarym asyrdan gowrak wagtyň içinde, Bütindünýä
Syýahatçylyk Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1979-njy ýylda Torremolino (Ispaniýa)
kararyndan bäri syýahatçylyk saparlaryny guraýan işgärler ajaýyp üstünlik gazandylar. Bu
senäniň saýlanmagy, Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Tertipnamasynyň kabul
edilmegi bilen baglanyşyklydyr. Ortaça hasap bilen, bazaryň syýahatçylyk ýerleriniň
mukdary girdejisini ýylda 3,3% ýokarlandyrdy. Bu bolsa, edaralaryň we syýahatçylyk
agentlikleriniň, myhmanhana zynjyrlarynyň, dynç alyş seýilgähleriniň we beýleki
syýahatçylyk desgalarynyň işgärleriniň sanyny 10%-e çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi.
Diňe Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň özünde, 2015-nji ýylda beýleki ýurtlardan
syýahatçylaryň eksport girdejisi 1,26 trillion boldy.

Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Türkiýä gitmegine uzak wagtlaýyn wizany resmileşdirmek üçin gerekli resminamalaryň sanawy

27-nji sentýabr – Bütindünýä syýahatçylyk güni makalasy Gorogly.com saýtynda paýlaşyldy

Makalalar, Syýahat, 27-nji sentýabr, Amerika, Bütindünýä syýahatçylyk güni, Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş Assambleýasy 

Bildirişi paýlaşyň:
Generated by Feedzy

Войти




Зарегистрироваться




Сбросить пароль

Пожалуйста, введите ваше имя пользователя или эл. адрес, вы получите письмо со ссылкой для сброса пароля.