tk Türkmençe
ru Русскийtk Türkmençe

Barbaris – düwnük keseline garşy göreşýän ösümlik

Farmakologlar barbaris ösümliginde öýken düwnügine garşy birleşmäni ýüze çykardylar.
Barbarisiň düzümindäki barberin birleşmesi, tejribehana şertlerinde düwnük öýjükleriniň
öýken dokumasynda ýaýramagynyň öňüni alýandygy görkezildi. Bu barada Sidneý
Tehnologiýa uniwersitetiniň farmakologlary we Saud Arabystandan, Malaýziýadan we
Hindistandan gelen kärdeşleri tarapyndan “Pharmaceutics” žurnalynda habar berildi.
Öýjük boýunça geçirilen barlaglar barberiniň çişiň ösmegine päsgel berýän we düwnük
öýjükleriniň göçmegi we ýaşamagy üçin möhüm beloklaryň derejesini peseldýän genleriň
işjeňligini ýokarlandyrýandygyny subut etdi. Mundan başga-da, barberin süýji we ýürekdamar kesellerini bejermek üçin ulanylýar. Emma barberiniň suwdaky ereýjiliginiň pesligi
we içegäniň oňat siňdirmeýänligi sebäpli ulanmakda kynçylyk çekilýär. Alymlar barberin
molekulalaryny suwuk kristal nanopartikullardan ýasalan ýörite kapsulalarda jemlemek
arkaly bu çäklendirmäni çözmegi başardylar. Geljekde alymlar barberiniň lukmançykykda
ulanylmagy üçin bu usulyň üstünde işlemegi meýilleşdirýärler.

Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Mangostin – iň datly miwe

Barbaris – düwnük keseline garşy göreşýän ösümlik makalasy Gorogly.com saýtynda paýlaşyldy

Makalalar, Ylym, Barbaris, Barbaris näme? 

Bildirişi paýlaşyň:
Generated by Feedzy

Войти




Зарегистрироваться




Сбросить пароль

Пожалуйста, введите ваше имя пользователя или эл. адрес, вы получите письмо со ссылкой для сброса пароля.