tk Türkmençe
ru Русскийtk Türkmençe

Marsyň syýahatçylyk kartasy düzüldi

Ýol nokatlary bilen birleşdirilen 360 gradusdaky panoramalaryň käbiri orbital şekil
maglumatlaryndan sintetiki görnüşde görkezildi. Mars syýahatçylary indi interaktiw
kartany ulanyp, NASA-nyň “Mars 2020 perseverance” awtoulagynyň gonýan ýerinde
gezelenç edip bilerler. Adaty web brauzeri arkaly girip bolýan karta, şu gün Ispaniýanyň
Granada şäherinde ýerleşýän «Europlanet» ylym kongresinde (EPSC) Berliniň erkin
uniwersitetinden Sebastian Walter tarapyndan hödürlendi. “Karta geljekde Marsa baryp
görmegi meýilleşdirmek üçin ajaýyp guraldyr. Onda dürli elýeterli maglumatlar bazalaryny
ulandyk” Sebastian Walter düşündirýär.
Özümizi Gyzyl planetanyň kosmonawt-gözlegçisi ýa-da adaty kosmos syýahatçysy ýaly
duýmak üçin ýol nokadynyň bellikleriniň birine basyp, doly ekranly 3D ýagdaýyna geçmek
ýeterlikdir. Kartany VR enjamlary bilen hem ulanyp bolýar.

Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

NASA Marsyň taryhdaky iň jikme-jik keşbini çykardy: 2,5 milliard piksel

Marsyň syýahatçylyk kartasy düzüldi makalasy Gorogly.com saýtynda paýlaşyldy

Makalalar, Ylym, Mars, Nasa 

Bildirişi paýlaşyň:
Generated by Feedzy

Войти




Зарегистрироваться




Сбросить пароль

Пожалуйста, введите ваше имя пользователя или эл. адрес, вы получите письмо со ссылкой для сброса пароля.