tk Türkmençe
ru Русскийtk Türkmençe

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Stambul ugry boýunça petekleriň bahasyny mälim etdi

5-nji oktýabrda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Stambul ugry boýunça göni gatnawlary gaýtadan dikelder. Bu barada «Atavatan-Turkmenistan» saýty awiakompaniýanyň maglumat gullugyna salgylanyp, habar berýär.

Mälim bolşuna görä, Aşgabat — Stambul ugry boýunça bir taraplaýyn uçuşyň bahasy, petek Türkmenistanyň çäginde satyn alnan ýagdaýynda 6 müň 825 manada barabar bolar.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda hepdede iki sany çarter gatnawyny amala aşyrar

Eger-de uçuş petegi Türkiýede satyn alnan ýagdaýynda, bir tarapyň bahasy 403 amerikan dollaryna deň bolar. Petekleri awiakompaniýanyň Aşgabatdaky we Stambuldaky kassalaryndan satyn alyp bilersiňiz.

 

Ýeri gelende bellesek, Aşgabat — Stambul — Türkmenbaşy ugry boýunça yzygiderli gatnawlar hepdede dört gezek: duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri amala aşyrylar.

Şu güne çenli «Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa (RF), Kazana (Tatarstan, RF), Maýn boýundaky Frankfurt şäherine (Germaniýa) we Dubaýa (BAE) yzygiderli gatnawlary gaýtadan dikeldipdi.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Stambul ugry boýunça petekleriň bahasyny mälim etdi makalasy Gorogly.com saýtynda paýlaşyldy

Syýahat, Aşgabat, Aşgabat — Stambul, Stambul, Türkmenistan 

Bildirişi paýlaşyň:
Generated by Feedzy

Войти




Зарегистрироваться




Сбросить пароль

Пожалуйста, введите ваше имя пользователя или эл. адрес, вы получите письмо со ссылкой для сброса пароля.