tk Türkmençe
ru Русскийtk Türkmençe

20-nji oktýabr – Halkara aşpezler güni

Her ýylyň 20-nji oktýabrynda dünýäniň köp ýurtlary tarapyndan aşpez hünärmenleriniň şanyna Halkara aşpezler güni bellenip geçilýär. Bu sene 8 million aşpez hünärmenleriň wekillerinden ybarat bolan aşpezler jemgyýetiniň başlangyjy bilen 2004-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda 70-den gowrak ýurtda Halkara aşpezler gününi bellemeklik giň gerime eýe boldy. Aşpez hünärmenlerinden başga-da, häkimiýetleriň wekilleri, syýahatçylyk kompaniýalarynyň işgärleri, şeýle-de, meşhur jemgyyýetçilik naharhanalarynyň dolandyryjylary baýramçylyk çärelerini guramaga gatnaşýarlar. Aşpezleriň arasynda ussatlyk ýaryşlaryny gurnaýarlar we özboluşly tagamlary taýýarlamak bilen synag ýaryşlaryny geçirýärler. Çagalaryň we ýaşlaryň gatnaşýan çärelerine uly üns berilýär. Aşpezler çagalaryň bilim edaralaryna baryp, şol ýerde çagalara tagam taýýarlamagy we sagdyn iýmitlenmegiň ähmiýetini düşündirýärler. Şeýlelikde, olar aşpezlik hünäri barada köp zadyy öwrenip, tagam taýýarlamak sungatynda gymmatly sapaklary alyp bilerler.

Aşpez hünäri dünýäde iň talapkär we gadymy hünärleriň biridir. Eýýäm gadymy adamlar aw etmek ýa-da tokaýdaky ösümlikleri ýygnap, otda bişirmek bilen aşpezlige başlangyç beripdirler. Kagyz ýüzüne ýazylan ilkinji taýýarlanyş usullary Wawilonda, Gadymy Müsürde, Gadymy Hytaýda, şeýle-de Arap gündogaryndaky ýurtlarda ýüze çykypdyr.

 

Atanyýaz AGAGELDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Yadyňyzyň çägi barmy?

20-nji oktýabr – Halkara aşpezler güni makalasy Gorogly.com saýtynda paýlaşyldy

Makalalar, Halkara aşpezler güni 

Bildirişi paýlaşyň:
Generated by Feedzy

Войти




Зарегистрироваться




Сбросить пароль

Пожалуйста, введите ваше имя пользователя или эл. адрес, вы получите письмо со ссылкой для сброса пароля.