tk Türkmençe
ru Русскийtk Türkmençe

Stambul-Türkmenbaşy-Stambul adaty gatnawlaryň biletleri satylyp başlady

Türkiýäniň “Türk howa ýollary” awiakompaniýasynyň Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça adaty gatnawlarynyň biletleri satylyp başlandy. Mälim bolşy ýaly, THY 2022-nji ýylyň 2-nji noýabryndan başlap Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça adaty gatnawlaryna başlaýar.

Uçar gatnawlary häzirlikçe hepde-de 2 gezek, hepdäniň çarşenbe we perşenbe günlerinde amala aşyrylar. Uçar gatnawlarynyň sanynyň artmagyna garaşylýar we bu barada Size goşmaça habar bereris.

Biletleri Türkiýeden we Türkmenistandan alyp bolar. Biletiň bahasy Stambul-Türkmenbaşy ugry boýunça 397 ABŞ dollaryndan başlaýar. Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça gatnawyň biletiniň bahasy 497 ABŞ dollaryndan başlaýar.

Häzirki  döwürde “Türkmenistan” awiakompaniýasy, Dubaý, Kazan, Moskwa, Frankfurt,  Stambul we Minsk ugryna adaty uçar gatnawlaryna dowam edýär.  Şu ýylyň 17-nji oktýabryndan “S7” awiakompaniýasy  Moskwa-Türkmenbaşy-Moskwa ugry boýunça adaty tertipde gatnawlary amala aşyryp başlady. Belarus Respublikasynyň “Belawia” awiakompaniýasy hem Oktýabr aýynyň 25-ne ilkinji adaty uçar gatnawyny amala aşyrar.

Türkiýe gitmek üçin wiza ýagdaýy

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkiýe gitmek üçin Türkmenistan raýatlary üçin wiza almak hökmanydyr.  Şonda öň hem bar berişimiz ýaly, Türkiýede ýaşamak üçin ýa-da zähmet çekmek üçin hereket ediş möhleti dowam edýän rugsatnamasy bar bolsa, onda Türkmenistana gelip gidýän raýatlarymyz üçin wiza almak zerur däl.

Ýokaryda agzalan ýagdaýlardan başga Türkiýe gitmek üçin wiza almak zerurdyr. Türki wiza merkeziniň wizalaryň görnüşlerine görä, zerur resminamalaryň sanawyny saýtymyza öň ýerleşdiripdik.

Türkiýä gitmegine uzak wagtlaýyn wizany resmileşdirmek üçin gerekli resminamalaryň sanawy

Çeşme: Atavatan-turkmenistan.com

 

Stambul-Türkmenbaşy-Stambul adaty gatnawlaryň biletleri satylyp başlady makalasy Gorogly.com saýtynda paýlaşyldy

Syýahat, STAMBUL-TÜRKMENBAŞY, THY, Türk howa ýollary, Türkmenistan 

Bildirişi paýlaşyň:
Generated by Feedzy

Войти




Зарегистрироваться




Сбросить пароль

Пожалуйста, введите ваше имя пользователя или эл. адрес, вы получите письмо со ссылкой для сброса пароля.