tk Türkmençe
ru Русскийtk Türkmençe

Aýdaky ösümlikler üç ýyldan ösüp başlar

Aýdaky ösümlikler ýene üç ýyldan ösüp başlar. Alymlar eýýäm onuň haýsydygyny saýladylar. Gämi eltilenden soň, tohumlar möhürlenen kameranyň içinde suwarylar we gögeriş hem-de ösüş alamatlaryna gözegçilik ediler. Awstraliýaly alymlar 2022-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda açylan täze missiýanyň çäginde 2025-nji ýyla çenli Aýda ösümlikleri ösdürmäge synanyşarlar. Biologlaryň pikiriçe, bu geljekde Ýeriň tebigy hemrasynyň kolonizasiýasyna kömek eder. Kwinslend Tehnologiýa Uniwersitetiniň biology Brett Williams AFP habar gullugyna tohumlaryň “Beresheet 2” kosmiki gämisi tarapyndan eltiljekdigini aýtdy. Oturdylandan soň, howa geçirmeýän kameranyň içinde suwarylar we gögeriş hem-de ulalma alamatlaryna gözegçilik ediler. Wilýamsyň pikiriçe, ösümlikler aşa şertleri näderejede gowy alyp barýandyklaryna we çalt gögermegine baglylykda saýlanar.

Barbaris — düwnük keseline garşy göreşýän ösümlik

Mümkin bolan bir wariant, Awstraliýada ukuda wagty suwsyz ýaşap bilýän «direliş oty» — “Tripogon loliiformis”. Gurakçylyk döwründe «ýaşamaýan ýaly görünýän» we diri galmakda öz öýjüklerini saýlap alýandygy üçin oňa şeýle diýilýär. “Bu taslama azyk, derman we kislorod üçin ösümlikleri ösdürip ýetişdirmekde ilkinji ädimdir. Ol Aýda adam koloniýasynyň döredilmegi üçin möhüm ähmiýete eýe»-diýdi. Kanberradaky Awstraliýa Milli Uniwersitetiniň dosenti Keýtlin Birt bu gözlegiň howanyň üýtgemegine esaslanýan azyk howpsuzlygy meselesinde peýdaly boljakdygyny aýtdy. Birt öz beýanynda «Aýda ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek üçin ulgam gurup bilýän bolsaňyz, ýerdäki iň kyn şertlerde azyk ösdürip ýetişdirmek üçin peýdaly bolup biler»-diýdi. Taslama Awstraliýa we Ysraýyl alymlaryny öz içine alýan “Lunaria One” guramasy tarapyndan dolandyrylýar.

Çaryguly JAMMAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Aýdaky ösümlikler üç ýyldan ösüp başlar makalasy Gorogly.com saýtynda paýlaşyldy

Makalalar, Ylym, Aý, Aýdaky ösümlikler, Kwinslend Tehnologiýa Uniwersiteti 

Bildirişi paýlaşyň:
Generated by Feedzy

Войти




Зарегистрироваться




Сбросить пароль

Пожалуйста, введите ваше имя пользователя или эл. адрес, вы получите письмо со ссылкой для сброса пароля.