tk Türkmençe
ru Русскийtk Türkmençe

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara gatnawlar üçin onlaýn bilet satuwyna başlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara gatnawlar üçin onlaýn bilet satmak işini täzeden ýola goýdy. Bu barada “orient.tm” neşiri awiakompaniýa salgylanyp habar berýär.

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň resmi web sahypasynda “Halkara gatnawlar” bölümi peýda boldy. Şu ýerden bilet satyn alyp, tölegini bank kartlary arkaly türkmen manadynda tölemek bolar

Häzirki wagtda “Türkmenistan” awiakompaniýasy BAE, Germaniýa, Türkiýe we Russiýa ugurlary boýunça halkara gatnawlary amala aşyrýar.

Şu ugurdaky halkara gatnawlaryň biletleriň bahasy:

– Aşgabat-Dubaý – 5785 manat,
– Aşgabat-Frankfurt – 8225 manat,
– Aşgabat-Stambul – 6825 manat,
– Aşgabat-Moskwa – 6860 manat,
– Aşgabat-Kazan – 6835 manat.

Şeýle hem Türkmenistanyň Russiýadaky wekilhanasynyň internet saýty arkaly hem biletleri satyn almak bolar. Tölegler rus rublynda kabul edilýär.

Çeşme: Atavatan-türkmenistan.com

Stambul-Türkmenbaşy-Stambul adaty gatnawlaryň biletleri satylyp başlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara gatnawlar üçin onlaýn bilet satuwyna başlady makalasy Gorogly.com saýtynda paýlaşyldy

Syýahat, Türkmenistan, Halkara gatnawlar, Türkmenistan Awiakompaniýasy 

Bildirişi paýlaşyň:
Generated by Feedzy

Войти




Зарегистрироваться




Сбросить пароль

Пожалуйста, введите ваше имя пользователя или эл. адрес, вы получите письмо со ссылкой для сброса пароля.