tk Türkmençe
ru Русскийtk Türkmençe

«Turkish Airlines» Stambul — Aşgabat — Stambul ugry boýunça iki sany çarter reýsini guraýar

«Turkish Airlines» Stambul — Aşgabat — Stambul ugry boýunça iki sany çarter reýsini amala aşyrar. Bu barada «Atavatan-Turkmenistan» habar berýär.

«TK4912 reýs» 26-njy noýabrda sagat 11:30-da Stambuldan (IST) ugraýar we 17:15-de Aşgabat şäherine (ASB) gelýär. «TK4913 reýs» Aşgabatdan 18:45-de uçup, 22:55-de Stambul şäherine gonar.

«TK4912 reýs» 28-nji noýabrda 17:00-da Stambuldan asmana galyp, 22:45-de Aşgabat şäherine (ASB) gonar. «TK4913» gaýdyp gelýän uçuş 29-njy noýabrda 00:15-de Aşgabatdan ýola çykyp, 02:25-e gonar.

https://gorogly.com/syyahat/turkmenistan-awiakompaniyasy-halkara-gatnawlar-ucin-onlayn-bilet-satuwyna-baslady/

2022-nji ýylyň 2-nji noýabryndan başlap, türk howaýollary iki ýyllyk arakesmeden soň Türkmenistana yzygiderli gatnawlaryny gaýtadan dikeltdi. Stambuldan — Türkmenbaşy — Stambuldan ugry boýunça gatnawlar hepdede iki gezek — çarşenbe we penşenbe günleri amala aşyrylýar.

«Turkish Airlines»-iň häzirki uçuş tertibi awiakompaniýanyň web sahypasynda elýeterlidir.

1933-nji ýylda döredilen «Turkish Airlines» häzirki wagtda 129 ýurda 340 ugra uçýar.

«Turkish Airlines» Stambul — Aşgabat — Stambul ugry boýunça iki sany çarter reýsini guraýar makalasy Gorogly.com saýtynda paýlaşyldy

Syýahat, Aşgabat, Stambul, Stambul — Aşgabat, türk howaýollary, Turkish Airlines 

Bildirişi paýlaşyň:
Generated by Feedzy

Войти




Зарегистрироваться




Сбросить пароль

Пожалуйста, введите ваше имя пользователя или эл. адрес, вы получите письмо со ссылкой для сброса пароля.