tk Türkmençe
ru Русскийtk Türkmençe

IŇ ULY ŞOKOLAD ANYKLANYLDY

Her ýyl dünýäde 3 tonna golaý kakao-miwesi öndürilýär. Bu bolsa kofedan iki esse azdyr. Iň inçe, iň tagamly we gymmat kakao henizem öz watanynda Günorta Amerikada ösýär. Şokoladyň taryhy üç müň ýyla uzaýar. Kakao miweleri hatda Olmek siwilizasiýasynda-da biziň eýýamymyzdan müň ýyl ozal ýaşap geçen Amerikan hindilerine mälim bolupdyr. Ilki bilen şokolad diňe içgi hökmünde kabul edilýärdi. Meksikaly hindileriň dilinden  ”şokolad “ sözi “ajy suw” ýa-da “suw we köpük” diýip terjime edilýär. Häzirki wagtda iň uly şokoladyň agramy alty tonna barabardyr. Şokoladyň agramy takmynan 5 tonna  792,5 kilogram bolup, 2011-nji ýylyň oktýabrynda  Ginnesiň Rekorlardlar Kitabyna girizildi. Bu şokolady “Thorntons” kompaniýasy ýüz ýyllygy üçin ýasady.Onuň uzynlygy we giňligi dört metre deň. Her ýylyň 11-nji Iýulynda Bütindünýä şokolad güni bellenilýär.

Gülnur Otyzowa

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

IŇ ULY ŞOKOLAD ANYKLANYLDY makalasy Gorogly.com saýtynda paýlaşyldy

Makalalar, Bütindünýä şokolad güni, Ginnesiň Rekorlardlar Kitaby, Gülnur Otyzowa, IŇ ULY ŞOKOLAD, Thorntons 

Bildirişi paýlaşyň:
Generated by Feedzy

Войти




Зарегистрироваться




Сбросить пароль

Пожалуйста, введите ваше имя пользователя или эл. адрес, вы получите письмо со ссылкой для сброса пароля.